Türkmenistanda döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak işleri dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak işleri dowam edýär
Desgalaryň hususylaşdyrylmagy tapgyrlaýyn geçiriler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow “Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky” Kararyň taslamasy baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restoranlary we söwda öýlerini olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösdürilýändigini belledi. Munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýar.

Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar.

Milli Liderimiz bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir kärhanalary hususylaşdyrmak hakyndaky Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we degişli tabşyryklary berdi.

2022