Türkmenistanda iri energiýa desgalary ulanylmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda iri energiýa desgalary ulanylmaga berler
Lebap welaýatynda 2021-nji ýylda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de TOP elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, elektroenergetika we gurluşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabata görä, 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Mundan başga-da, elektrik energetika pudagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat hökmünde Ahal-Balkan hem-de Balkan-Daşoguz welaýatlarynyň arasynda gurluşygy alnyp barylýan halkalaýyn elektrik ulgamynyň we podstansiýalar toplumynyň Ahal-Balkan aralygynyň birinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, serişdeleri we awtomobil tehnikalaryny satyn almak barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakyndaky Kararyň taslamasyny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistany 2020–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady.

2022