Goturdepe ýatagynda nebit önümçiliginiň möçberi artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Goturdepe ýatagynda nebit önümçiliginiň möçberi artýar
Häzirki wagtda Goturdepe käninde çykarylýan nebitiň möçberi günde 4 müň tonna barabardyr.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” trestiniň “Goturdepenebit” nebit we gaz çykarmak boýunça kärhanasynda 2020-nji ýylda hereket edýän guýulardan 1 million 313 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 % köpdür.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, 17 sany öndürijilikli guýy ulanyşa girizilip, 15-sinde gözleg işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Goturdepe käninde çykarylýan nebitiň möçberi günde 4 müň tonna barabardyr.

Nebit desgalarynyň ählisi häzirki zaman tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Nebiti çykarmak we taýýarlamak işini ýokary hünärli işgärler amala aşyrýarlar.

“Goturdepenebit” nebit we gaz çykarmak boýunça kärhanasyny ösdürmegiň strategiýasy täze uglewodorod serişdelerini gözlemäge we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen känleri netijeli işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

 
2022