Türkmenistanyň we Portugaliýanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri ýekşenbe güni onlaýn gepleşikleriň dowamynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryny gurmagyň we ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Orient.tm” habar berýär.
Gepleşige Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäheri) Şöhrat Jumaýew we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow gatnaşdylar. Portugal tarapyndan bolsa Portugaliýanyň Söwda-senagat edarasynyň baş sekretary Joao Pedro Gimaraýeş we ýurduň Söwda-senagat edarasynyň halkara täjirçilik boýunça müdiri Pedro Magalaýeş gatnaşdylar.
Taraplar ýakyn wagtda Söwda-senagat edarasy boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmegiň, iki ýurduň dokma pudagynda işleýän kompaniýalarynyň gatnaşmagynda onlaýn okuw maslahatyny guramagyň meselesine garadylar.
Gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, pandemiýadan soň Türkmenistan we Portugaliýa iki ýurduň işewür toparlarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalary, guramalary we ýuridik şahsy döretmezden öz işini amala aşyrýan telekeçileri meýletin esasda birleşdirýän, olaryň bähbitlerini goldamagy we goramagy maksat edinýän täjirçilik däl jemgyýetçilik guramasydyr.