Awstriýanyň iri gurluşyk kompaniýalary geçen sişenbe güni türkmen döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň dowamynda “Aşgabat-siti” adyna eýe bolan şäheriň işewürlik toplumuny döretmek taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Bu barada “Orient.tm” habar berýär.
Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasynyň ýardam bermegi bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan guralan gepleşiklere “Zeman” toparyna degişli “Zeman Bauelemente Produktion GmbH”, “Waagner Biro Steel and Glass” we “Waagner Biro Bridge Systems AG” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
“Zeman Bauelemente Produktion GmbH” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Peter Tseman Türkmenistanyň döwlet we hususy pudaklary bilen binalary we desgalary gurmak üçin metal konstruksiýalary bilelikde öndürmek boýunça işewür gatnaşyklar barada gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýtdy.
“Waagner Biro Steel and Glass” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Iogan Sişka öz gezeginde Aşgabat şäheriniň taslamasynyň çäginde meýilleşdirilen polatdan we aýnadan ýasalan dizaýner fasadlary, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 300 metrlik binasynyň gurulmagyna gyzyklanma bildirdi.
“Waagner Biro Bridge Systems AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti Peter Hakl “Waagner Biro”-nyň Aşgabatda we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde ýerüsti pyýada geçelgelerini gurmak taslamalaryna gatnaşmak isleýändigini aýtdy.
“Zeman” holdingi dürli ýurtlardaky 20-den gowrak kompaniýalary öz içine alyp, onuň maşyn gurluşygy pudagynda hem-de demir diregleri öndürmek üçin awtomatlaşdyrylan çyzyklaryň we robototehnikalaryň gurluşygynda 55 ýyl tejribesi bar.