Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär
Ýoluň ini 34,5 metre barabar bolar. (Surat: “Türkmen Awtoban” ÝGPJ)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, uzynlygy 600 kilometre golaý bolan bu iri awtomobil ýolunyň işe girizilmegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga we tizleşdirmäge gönükdirilendir. Aşgabat-Türkmenbaşy ýoly bilen birleşmeginiň netijesinde ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen birleşdirýän awtoban ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna göni çykalgany üpjün eder, ondan aňryk deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen birlikde, iň häzirki zaman awtomobil ýoluny gurmak boýunça işleri “Nusaýýollary” we “Hyzmat merkezi” hususy kärhanalary, “Edermen” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri amala aşyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň birinji bölegini - Aşgabat-Tejen aralygyny şu ýyl, Tejen-Mary bölegini - 2022-nji ýylyň dekabrynda we üçünji - Mary-Türkmenabat bölegini - 2023-nji ýylyň dekabrynda ulanyşa tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Awtomobil ýoly hereket etmegiň esasy üç ugruny özünde jemlär we her tarapdan bir goşmaça ugur bolar. Ýoluň ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak çatrykdan başlanar. Şu ýerde elektron hasaplaşygyny hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçiligi gullugynyň bölümi, dynç almak üçin meýdançalar ýerleşdiriler.

Ýokary tizlikli ýola degişli derejede tehniki taýdan hyzmat etmek üçin degişli beketleri hem bina etmek meýilleşdirilýär. Ýol hereketini awtomatik ulgam dolandyrar. Şol ulgam üznüksiz wideo gözegçiligiň kömegi bilen ulag akymy boýunça hemme maglumatlary ýygnaýar we saklaýar hem-de ýol gözegçiligi gullugyna iberýär. Şeýle hem şu ýere howanyň ýagdaýyna gözegçilik edýän beketden çyglylyk, aralygy görüp boluş ýagdaýy ýaly ölçegleri özünde jemleýän maglumatlar we beýlekiler iberiler.

2022