“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi 2,5 mln tonna golaý ýük daşady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi 2,5 mln tonna golaý ýük daşady
Agentligiň hünärmenleri ýükleri daşamakda geçen ýylyň iş meýilnamasyny 127,7 % ýerine ýetirdiler.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri geçen ýyl 2 million 409 müň tonnadan gowrak dürli halk hojalyk ýükleriniň bellenilen ýerlerine eltilmegini üpjün etdiler. Bu barada “Türkmenmetbugat” elektron neşiri sişenbe güni habar berdi.

Agentligiň hünärmenleri ýükleri daşamakda geçen ýylyň iş meýilnamasyny 127,7 % ýerine ýetirdiler.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, hünärmenleriň iş ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda döwlet derejesinde zerur bolan ähli tagallalar edilýär.

 “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenistanyň çäklerinde suw ulaglarynda döwlet syýasatyny amala aşyrýan hem-de söwda deňiz gatnawy ugrundaky döwlet dolandyryşy babatda ygtyýarly edilen suw ulaglary boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy bolup durýar.

2022