Türkmenistanyň paýtagtynda häzirki zaman awtobus duralgalary gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň paýtagtynda häzirki zaman awtobus duralgalary gurulýar
“Nusaý” atly häzirki zaman awtobus duralgasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda şäheriň işewürlik we durmuş ulgamyna degişli merkezleriň kemala gelen ýeri bolan günorta künjegine geldi. Ýolugra Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda “Ak öý” we “Nusaý” atly häzirki zaman awtobus duralgalarynyň ýanynda saklandy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegine, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ýokary derejeli şertleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär we bu ugur milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şäher duralgalarynda ýolagçylar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine, olarda ýurdumyzyň durmuşyndaky täzelikler bilen tanyşmak üçin mümkinçilikleriň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň günorta künjeginde bina edilýän “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalaryna baryp gördi.