Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk meýdançalarynyň işleri bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk meýdançalarynyň işleri bilen tanyşdy
Täze 9 gatly myhmanhananyň binasynda kaşaň otaglaryň 87-si göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Milli Liderimiz söwda dynç alyş merkeziniň, seýilgähiň we “Garagum” myhmanhanasynyň bir toplumda ýerleşmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhananyň baş meýilnamasy hem-de seýilgähiň şekil taslamasy we baş meýilnamasy, söwda dynç alyş merkeziniň taslamalary, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.

Döwrebap seýilgähiň ýer böleginiň umumy meýdany 9,75 gektara barabardyr. Onuň uzynlygy 320 metr, ini bolsa 310 metre deňdir. Seýilgähde suw çüwdürimleriniň 9-sy, şol sanda merkezde 1 uly we 8 sany kiçi suw çüwdürimler ýerleşer. Şeýle hem bu ýerde suw howdanlarynyň 3-sini we pyýadalaryň howpsuzlygy üçin niýetlenen ýerasty geçelgeleriň 4-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze seýilgäh paýtagtymyzyň Halkara howa menziline çenli uzalyp gidip, şol ýerde ýaşaýan raýatlarymyzyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler ilatymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny kemala getirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesinde alnyp barlyp, milli öwüşginleri özünde jemlemelidigi barada nygtap, seýilgähiň döwrebap atlandyrylmalydygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, ony “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew gurluşygy alnyp barylýan Söwda-dynç alyş merkeziniň taslamasy barada hasabat berdi. Söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk meýdançasynyň umumy meýdany 8,92 gektara barabar bolup, binanyň beýikligi 40 metre deňdir. Bu ýerde meýilleşdirilen köp gatly awtoduralganyň meýdany 54 müň 381,67 inedördül metrdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygynda hil babatda halkara ölçeglerine bildirilýän ähli talaplaryň ýerine ýetirilmelidigini, şol sanda onuň içki we bezeg işlerinde milli aýratynlyklaryň öz beýanyny tapmalydygyny, alyjylar hem-de dynç almaga geljekler üçin hemme amatly şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz şu ýerde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasyny synlady.

6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhananyň binasynda, taslama laýyklykda, kaşaň otaglaryň 87-si, şol sanda standart, sýut, lýuks hem-de super lýuks otaglar göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, restoranlar, banket zaly, suwda ýüzülýän howuzlar, dürli trenažýorlar bilen üpjün edilen fitnes-zal, tennis meýdançasy we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Işewürler merkezinde işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin oňaýly şertler dörediler.

2022