Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ikinji tapgyry gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ikinji tapgyry gurlar
Geçen ýyl Büzmeýin etrabynda 20 sany uly panelli ýaşaýyş jaýlary guruldy.

“Demirbetonönümleri” kärhanasyna Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ynanyldy we kompaniýa Senagat köçesinde on bäş sany 32 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurluşygy giňişleýin alnyp barylýar. Bu ýerde sport meýdançalary, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary, wagtlaýyn awtoulag duralgalary gurulýar. Etrabyň çäginde umumybilim berýän mekdep guruldy. Gurluşygyň ikinji tapgyrynda 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy alnyp barlar.

Bulardan başga-da, ýaşaýyş meýdanyny iki esse artdyrjak ýene 13 sany köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada karar kabul edildi.

Müşderiler hökmünde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýöriteleşdirilen bölümleri çykyş edýärler.

Geçen ýyl Büzmeýin etrabynda 20 sany uly panelli ýaşaýyş jaýlary gurlup, täze göçüp gelenlere ýaşamaga berildi. Giň meýdany bolan 2-3 otagly öýlere 640 maşgala göçüp geldi. Şeýle hem Ahal köçesinde 224 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlar toplumy guruldy we ulanylmaga berildi.

2022