Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Hökümetimiziň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bolup biljek ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
“Hususy pudagyň fiziki we ýuridiki şahslarynyň pul goýumlaryny çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli” diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şeýle hem Milli Liderimiz hökümet agzalaryna ýüzlenip, pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny hem-de olaryň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyna edýän täsirini her aýda seljermegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda, Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky ýaly halkara maliýe edaralaryndan hem-de halkara gaznalaryndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin pul serişdelerini, karzlary çekmek boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmak bellenildi.
“Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir” diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere hem garaldy we olar boýunça birnäçe çözgütler kabul edildi.