TSTB-nyň agzalary azyk önümçilik taslamalarynyň 88-sini durmuşa geçirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-nyň agzalary azyk önümçilik taslamalarynyň 88-sini durmuşa geçirmekçi
Täze taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen azyk we oba hojalyk önümleriniň eksport möçberiniň artmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, onuň senagat we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmakda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, oba hojalygy pudagynyň işini kämilleşdirmek, gaýtadan işleýän önümçiligi we ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başy başlanan işiň netijeli dowam etmegi zerurdyr diýip belledi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda Birleşme 25 müňden gowrak ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öz işini alyp barýan türkmen telekeçilerini özünde jemleýär.

2022