Marydaky kärhanada günde 140 tonna golaý pagta gaýtadan işlenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Marydaky kärhanada günde 140 tonna golaý pagta gaýtadan işlenilýär
Ýylda 45 müň tonna orta süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kärhanada 300-den gowrak işgär zähmet çekýär.

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanasynyň işçileri gündelik 130 - 140 tonna pagta hasylyny gaýtadan işleýärler. Bu barada “Bereketli toprak” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Işe girizilenine golaýda 25 ýyl bolan kärhana, dünýäniň ösen ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýylda 45 müň tonna orta süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan kärhanada 300-den gowrak işgär zähmet çekýär.

Türkmen pagtaçylary 2020-nji ýylyň döwlet sargydyny ýerine ýetirmek bilen 1 million 250 müň tonna pagta çig malyny döwlet harmanyna tabşyrdylar.

2022