“Abadan haly” CAVEX onlaýn sergisine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Abadan haly” CAVEX onlaýn sergisine gatnaşýar
“Abadan haly” Türkmenistanda haly we haly önümlerini öndürmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir.

“Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2021-nji ýylyň 1-nji we 26-njy fewraly aralygynda Ýaponiýanyň söwda bileleşigi tarapyndan guralýan “Merkezi Aziýa - Wirtual EXPO (CAVEX)” atly onlaýn sergisine gatnaşýar.

Onlaýn sergide kompaniýa ýokary hilli polipropilen ýüplüginden ýasalan haly önümlerini hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmeni Baýram Ýewjanowyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine aýtmagyna görä, kärhananyň sergä gatnaşmagy haly önümleriniň eksportynyň gerimini giňeltmäge itergi berer.

Mundan başga-da, serginiň dowamynda maýa goýum boýunça okuw maslahatlary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri geçiriler. “Türkmenistan” gününiň 19-njy fewralda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

“Abadan haly” Türkmenistanda haly we haly önümlerini öndürmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň önümlerine ýurduň içerki we daşarky bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

2016-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen “Abadan haly” toplumy soňky üç ýylyň dowamynda önümçilik kuwwatyny üç esse artdyryp, häzirki döwürde ýyllyk 2.5 million inedördül metrden gowrak haly we haly önümlerini öndürýär.

“Abadan haly” AGPJ haly we haly önümlerini öndürmek üçin zerur bolan polipropilen çig malyny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan satyn alýar.