Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýangyç toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýangyç toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumy üçin harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahatyň barşynda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit önümlerini we nebitgazhimiýa önümlerini ýerlemek üçin täze eksport ugurlaryny özleşdirmek, gazy eksport etmek üçin amatly bazarlary gözlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taslama kuwwatlygynyň önüm paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde gazylyp çykarylýan çig nebitiň möçberiniň hasabyna ulanylmalydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, nebiti bazar nyrhlary boýunça satyn almak we ony ykdysady taýdan bähbitli şertlerde gaýtadan işlemek hem-de öndürilen nebit önümlerini eksporta iberip, ondan goşmaça girdeji almak meseleleri oňyn çözülmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iň döwrebap ýokary tehnologiýaly Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigine, şeýle hem topluma degişli kärhanalar gurlanda işgärleri tejribe we okuw-usulyýet taýdan taýýarlamagyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu pudakda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň ýetmezçilik edýändigini hem-de olary taýýarlamagyň derejesiniň pesdigini belläp, munuň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini gazyp çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça çykdajylaryň hem-de önümiň özüne düşýän nyrhynyň artýandygyny belläp, bu görkezijileri peseltmek ugrunda zerur işleri geçirmegi wise-premýer Myratgeldi Meredowa tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz nebitgaz pudagynda halkara tejribesine esaslanyp, henize çenli harytlary, degişli işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşikleri geçirmäge niýetlenen elektron görnüşli bäsleşik meýdançasynyň açylmaýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda zerur işleri geçirmegi berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz öndürilýän önümleriň ýerlenilýän möçberini, hususan-da, erkin ýörgünli daşary ýurt puluna ýerlenilýän möçberini artdyrmak arkaly gelip gowuşýan maliýe serişdelerini köpeltmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz satyn alynýan import harytlarynyň, çig malyň bahalaryny düýpli seljermegi we olaryň sebitdäki ýurtlar üçin bahalardan ýokary bolmazlygyny gazanmagy, ýangyç-energetika toplumy üçin harytlar satyn alnanda önüm öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa nebitgaz toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, şeýle hem ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe bu toplumyň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljermäni dowam etdirmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowa, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň başlyklaryna, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygyna hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktoryna işlerinde göýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022