USAID Türkmenistanda ISO standartlary boýunça maksatnama badalga berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID Türkmenistanda ISO standartlary boýunça maksatnama badalga berýär
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň edara binasy. Waşington şäheri, ABŞ. (Surat: GAO)

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) türkmen hususy kärhanalarynda ISO standartlaryny durmuşa geçirmek we kepillendirmek üçin taslamalary bilelikde maliýeleşdirmek üçin täze maksatnama badalga berýär.

USAID-iň geçen hepde ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, sişenbe güni öz önümlerini eksport etmegi ýa-da Türkmenistanda we halkara bazarynda taslamalary ýerine ýetirýän daşary ýurt kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýän hususy türkmen kärhanalary üçin arzalaryň bellige alynyşy başlandy.

Maksatnamanyň çäklerinde ISO 45001 “Zähmetiň goragy we howpsuzlyk tehnikasy” we ISO 14001 “Daşky gurşawyň menejmenti” standartlary boýunça menejment ulgamlaryny ornaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak alnyp barylýar. Bäsleşik esasynda dört kärhana saýlanylar. Olaryň standartlary ornaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak boýunça çykdajylarynyň 50 göterimi USAID tarapyndan töleniler.

Taslama ýeňil senagat pudaklarynda, aýakgap we gön önümçiliginde, durmuşda ulanylýan himiki serişdeleriň we gigiýenik önümleriniň önümçiliginde, şeýle hem haly dokamakda, azyk we dokma senagatynda işleýän önüm öndürijiler üçin niýetlenendir. Beýleki pudaklaryň kärhanalary hem bu taslama gatnaşyp bilerler.

ABŞ-niň Halkara ösüş agentligi (USAID) 1961-nji ýylda ABŞ-niň hökümetiniň halkara ösüş we ynsanperwerlik kömeklerini bermek baradaky meýilnamasyny öňe sürmek maksady bilen döredildi.

2022