Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren iş maslahatynyň barşynda diýarymyzda birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow auksion alyş-çalyş söwdasy arkaly eksporta gönükdirilen içerki önümleriň bahalaryny ýokarlandyrmak, resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmak, şonuň bilen birlikde maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmek boýunça degişli işleri alyp barmagy buýurdy.
Häzirki wagtda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ulgamynda 6 kärhana bar. 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 283 sany birža söwdalary geçirildi. Şeýle hem umumy bahasy 46 milliard 363 million manada deň bolan şertnamalar bellige alyndy. Girdejiniň ösüşi 108,4 göterime barabar boldy.