Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň söwda toplumynyň ösüşini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň söwda toplumynyň ösüşini maslahatlaşdy
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, toplumda bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda pudaga sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeli usullaryny ulanmak, önümçilige daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmek wajypdyr diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Gylyjowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý ýylynda söwda toplumynyň edara-kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, önümçilik we hojalyk işlerini yzygiderli seljerip, hyzmatlar ulgamynyň hem-de önümçilikleriň doly kuwwatynda, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmalydygyny, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, elektron söwdalary we eltip bermek hyzmatlaryny giňden guramalydygyny belledi.

Pes görkezijili işleýän dokma kärhanalaryny dolandyrmakda täzeçe usullary ulanyp, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususy maýadarlary çekmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr diýip, Milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem ýubileý ýylynda ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen söwda-täjirçilik gatnaşyklaryny güýçlendirmek, özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma (brend) önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmak üçin, Türkmenistanyň beýleki ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa söwda toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljerip, pul üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça teklipleri taýýarlamagy, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini we karzlaryň gaýtarylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

2022