Türkmenistan JIPES/Glonass ulgamlary bolan awtobuslary satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan JIPES/Glonass ulgamlary bolan awtobuslary satyn alar
Orta görnüşli we kiçi awtobuslary satyn almak boýunça işler dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy Guwançmyrat Akmämmedow geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýylyň iş meýilnamasy babatda hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe agentlik boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 104,5%, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 103,1% berjaý edildi. Ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 100,1%, ýolagçy dolanyşygy boýunça meýilnama 101% amal edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedowa ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, orta görnüşli we kiçi awtobuslary satyn almak boýunça işleri dowam etdirmegi, Agentligiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlaryny, Internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem Milli Liderimiz, şäherara we şäherýaka awtobuslaryndan peýdalanýan ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek maksady bilen, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap awtomenzilleriň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Paýtagtymyz Aşgabatda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasy boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň buýurmasy boýunça “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan toplum 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022