Ikinji türkmen emeli hemrasy taýýarlanylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ikinji türkmen emeli hemrasy taýýarlanylar
Milli Liderimiz “Türkmen Älem 520” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň transponderlerini we mümkinçiliklerini doly ulanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewe ikinji emeli hemrany taýýarlamak işini çaltlandyrmak hem-de ilkinji emeli hemranyň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak babatynda tabşyryklary berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, agentligiň başlygy geçen ýyl ýurdumyzda telefon nokatlarynyň 192 müň 238-si gurnalyp, meýilnama 112 % ýerine ýetirildi, 685 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi, 266 müň 160 müşderi internet ulgamyna birikdirildi diýip hasabat berdi.

Hasabata görä, Türkmenistanda “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzda 510 web-saýt döredildi we bellige alyndy.

“Maglumat tehnologiýalarynyň bütindünýä ösüşinden yza galmazlyk üçin, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny has-da ýokarlandyrmaly. Pudaga döwrebap tilsimatlary giňden ornaşdyrmaly. Halkara tejribesinden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaly. Internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmaly” diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz aragatnaşyk pudagynyň ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini gowulandyrmagy, “Türkmen Älem 520” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň transponderlerini we mümkinçiliklerini doly ulanmagy, bu ugurda mahabatlandyrma hemde marketing işlerini güýçlendirmegi tabşyrdy.