Türkmenistan demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrýar
Hasabat döwründe demir ýollaryň 245 kilometrinde abatlaýyş işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni geçiren iş maslahatynyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa demir ýol ulgamyny ösdürmek babatynda pudagyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de täzelemegiň ileri tutulýan ugurdygyny nygtap, daşary ýurtlardan biziň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalaryny satyn almagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, agentligiň başlygy A.Atamyradow geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar hakynda hasabat berdi.

Hasabata görä, agentligiň girdeji bölegi 118,5% ýerine ýetirildi. Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 120,5% berjaý edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe demir ýollaryň 245 kilometrinde abatlaýyş işleri geçirildi, relsleriň 32,7 kilometri çalşyldy, demir ýol geçirijileriniň 90-sy hem-de demir ýol köprüleriniň 22-si abatlanyldy. Şonuň ýaly-da ýük we ýolagçy wagonlarynyň 930-dan gowragynda abatlaýyş işleri geçirildi, teplowozlaryň 25-siniň dizel bölegi we çekiji elektro hereketlendirijileri abatlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, agentligiň işine nägilelik bildirdi hem-de häzirki wagtda demir ýol ulaglarynyň işiniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Milli Liderimiz, pudagyň ýolbaşçysyna demir ýollary elekrtofikasiýalaşdyrmak boýunça işler bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berip, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen peýdaly innowasion işläp düzmeler boýunça tejribe alyşmagyň wajypdygyny, munuň bolsa pudaga maýa goýumlaryň gelmegini üpjün etjekdigini nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022