Türkmen daýhanlary ýeralma ekişine başladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen daýhanlary ýeralma ekişine başladylar
Lebap welaýatyna ýaz paslynda ýeralma ekmek üçin 1500 gektar meýdan bölünip berildi.

Türkmenistanda ýeralma ekişi başlandy. Daýhanlara oba hojalyk ekinleri üçin birnäçe müň gektar ýerler bölünip berildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.

Amatly howa şertlerinden peýdalanyp, Lebap welaýatynyň daýhanlary ilkinji bolup ekişe başladylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminde habar berlişi ýaly, Çärjew etrabyndan “Tebigy Ekin” daýhan hojalygyna ýeralma üçin 420 gektardan gowrak ýer, Dänew etrabyndan “Jadyly mukam” daýhan hojalygyna 40 gektardan gowrak ýer bölünip berildi.

Saýat we Dänew etraplarynyň hususy telekeçileri - Babamyrat Döwranow we Nurmyrat Nuryýew ýeralma ekmek üçin kyrk gektar ýeri ekişe taýýarladylar.

Ekiş ýerleriniň köpüsi Çärjew we Dänew etraplaryna bölünip berildi. Sebitde ýaz paslynda ýeralma ekmek üçin 1500 gektar meýdan bölünip berildi. Oba adamlary bu meýdanlaryň her gektaryndan ortaça 140 sentner ýeralma ýygnamagy meýilleşdirýärler, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür.

Ahal we Mary welaýatlarynyň hususy hojalyklary ýeralma ekişine başladylar. Ýazyň ahyrynda olaryň üç müň gektardan gowrak ýerden hasyl ýygnamagyna garaşylýar.