Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň öňündäki wezipeleri kesgitledi
Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministrine döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we üstümizdäki ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary geçen ýyl edilen işler barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa ýüzlenip, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Milli Liderimiz sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribesinden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli diýip nygtady.

Milli Liderimiz “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýewa ýüzlenip, gullukda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline hem-de howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen standart hil derejesine laýyk gelmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçysy M.Sylabowa ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň” mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2021-nji ýylda ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmaly, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmaly diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik etmeli, Merkezi bank we beýleki banklar import geleşikleri boýunça tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderileriň manat serişdelerini resmi hümmet boýunça daşary ýurt puluna çalşanda, şu talapdan ugur almaly diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmänlikleri sebäpli, bu ugurdaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň käbir ýolbaşçylaryna käýinç yglan edildi.

2022