“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen plastik turbalarynyň ýük uçar arkaly Türkiýä daşalmagyny gurnady.
TULM-yň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, fewral aýynyň başynda ýerli telekeçileriň öndüren plastik turbalaryndan ybarat bolan 25 tonnalyk ýük Aşgabat-Stambul ugry boýunça iki uçuşda iberildi. Turbalaryň Türkiýä ugradylmagy “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýük gatnawlary hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi netijesinde amala aşyryldy diýip, TULM-yň hünärmenleri bellediler. Bu ugurda şeýle ýük daşamalary aýda yzygiderli 3-4 gezek amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Ýükleriň uçarlar arkaly daşalmagy önümleriň howpsuzlygynyň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa tutuş ugur boýunça ýükleriň ýitgisiz we zepersiz daşalmagyny kepillendirýär. Ýükleriň başga bir uçara geçirilen ýagdaýynda hem howpsuzlygyň kepilligi şol bir ýokary derejede galýar diýip, kompaniýa aýtdy.
TULM dünýäniň iň uly howa ýük daşaýjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda bolup, onuň netijesinde howa ýük daşamalaryny bäsdeşlige ukyply nyrhlarda hödürleýär.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. TULM-yň döredilmeginiň maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ugradyjydan alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.