Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça resminamalar tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça resminamalar tassyklanyldy
“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça birnäçe resminamalary tassyklady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Şeýle hem, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy we 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy kesgitlenildi.

Mundan başga-da, himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi we topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň, etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýip yglan etdi we S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini 1 million ABŞ dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglady.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022