Türkmenistanda şu ýyl jemi 30 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy meýilleşdirilip, ýanwar aýynda olaryň bäşisi ulanylmaga berildi. Bu barada “ORIENT.tm” ýekşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, geçen aýda Lebap welaýatynda “Malaý” gaz känindäki gaz gysyjy desgasy, Akina - Andhoý demir ýoly, Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) - Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisi işe girizildi.
30 sany uly desga Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny alamatlandyrýar. Aprel aýynda Aşgabadyň günortasynda täze hökümet tribunasynyň, halkara kongres merkeziniň, “Arkadag” myhmanhanasynyň, “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň binalarynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky desgalaryň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Paýtagtymyzyň demirgazygynda maý aýynda “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhana we onuň golaýynda ýerleşýän ýerasty geçelgeleri bolan täze seýilgäh zolagy açylar.
Iýun aýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek, Daşoguzda hem-de Türkmenabatda hersinde 3000 orunlyk türkmen ak öýi görnüşinde uly konsert meýdançalaryny gurmak, şeýle hem Kerkide howa menzili we beýleki desgalar gurmak meýilleşdirilýär.
Köpçülikleýin dabaralar üçin şolar ýaly meýdança iýul aýynda Balkanabat şäherinde açylar. Şol aýda hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň tomsunda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda uly dokma toplumlary açylar. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 432 MWt gaz turbinaly elektrik bekedi gurlup ulanylmaga berler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze kottej toplumy ulanmaga berler. Ýubileý ýylynda açylyp, ulanylmaga beriljek desgalarynyň arasyna Aşgabadyň we Daşoguzyň köp gatly ýaşaýyş jaýlary girýär. Şeýle hem, şu ýylyň ahyryna çenli Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, Türkmenbaşydaky we Daşoguzdaky dört sany köpugurly we ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň birinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan her ýyl Garaşsyzlyk gününi we beýleki möhüm jemgyýetçilik baýramçylyklaryny binagärlik açyşlary bilen belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, gurluşyk pudagyna 38 milliard ABŞ dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirilip, geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.