“Üçsa Ambalaj” türkmen bazarynda ornuny has-da pugtalandyrmak isleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Üçsa Ambalaj” türkmen bazarynda ornuny has-da pugtalandyrmak isleýär
Kompaniýa çap edilýän, çap edilmeýän we laminirlenen görnüşlerde çeýe gaplamalary öndürýär.

Merkezi Türkiýäniň Karaman welaýatynda ýerleşýän çeýe gaplama önümlerini öndürmekde Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň biri bolan “Üçsa Ambalaj” kompaniýasy 2021-nji ýylda türkmen bazarynda ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýa 2018-nji ýyldan bäri öz önümlerini Türkmenistana eksport edip gelýär. Onuň önümlerine esasan-da Türkmenistanda şokolad, gury iýmiş, köke, çipsi, kofe we kösükli önümleri öndürijiler uly isleg bildirýärler.

“Kompaniýamyzyň türkmen bazarynda uly mümkinçilikleri bar. Türkmenistanda importyň ornuny tutýan harytlaryň we eksport edilýän harytlaryň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmak we döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak strategiýasyna laýyklykda, ýurduň önümçiligi günsaýyn ösýär. 2021-nji ýylda hem ýokary hilli gaplaýyş önümlerimiziň söwdasyny Türkmenistanda dowam edip, Türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmegi we eksport edýän önümlerimiziň mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýäris“ diýip, “Üçsa Ambalaj” kompaniýasynyň Dolandyryş geňeşiniň agzasy Safa Küçükoglu "Biznes Türkmenistan" internet neşirine beren beýanatynda belledi.

““Üçsa Ambalaj” kompaniýasynyň işläp başlanyndan bäri isleg bildirilýän önümi talap edilýän wagtynda öz hyzmatdaşlarymyza ýetirmek kärhanamyzyň esasy gymmatlygy bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri gaplama önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolmagyna sebäp boldy. Iň uly maksadymyz hyzmatdaşlarymyzy ýokary hilli önümlerimiz bilen iň gysga wagtda üpjün etmekden ybaratdyr“ diýip S.Küçükoglu belledi.

Kompaniýa çap edilýän, çap edilmeýän we laminirlenen görnüşlerde çeýe gaplamalary öndürýär. Şeýle hem, iýmit we içgi, arassalaýyş önümlerini we öý haýwanlary üçin niýetlenen iýmleri ýaly köp ugurlarda çeýe gaplamalary öndürýär. Kompaniýa öz önümleriniň 30%-ni Demirgazyk Afrika, Ýakyn Gündogara, Ýewropa, Amerika we Türki döwletlerine eksport edýär. Kärhana geljekde bu görkezijini 50%-e çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

“Üçsa Ambalaj” kompaniýasy 1996-njy ýylda Türkiýäniň Karaman senagat zolagynda gaplama öndürijisi hökmünde döredildi. Ýyllyk öndürijilik kuwwaty 15 müň tonna barabar bolup, bu kärhana 40 müň inedördül metr açyk we 25 müň inedördül metr ýapyk meýdanda çeýe gaplama görnüşlerini öndürip, ol ýerde 230 hünärmen zähmet çekýär.