“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy täze guýularda buraw işlerini alyp barýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy täze guýularda buraw işlerini alyp barýar
Nebite, gaza we gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, häzirki wagtda käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýär.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmennebitgazgözleg” trestiniň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň hünärmenleri “Agarguýy” meýdançasynda 5-nji belgili guýusyny burawlamaga girişdiler. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, guýy “Malaý” käninden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýär. Guýynyň taslama boýunça çuňlugy 3300 metre barabardyr.

Şeýle-de “Uzynada” käninde iki sany guýyny burawlamak işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylda geologlar tarapyndan 7000 metr çuňlukdan “mawy ýangyjyň” senagat akymy alyndy. Meýilnama 120% ýerine ýetirildi.

Tebigy gazyň alnan akymy “Uzynada” känini işläp taýýarlamaklyga täze kompýuter tehnologiýalaryny çekmek we ony öwrenmek boýunça saýlanyp alnan ugruň dogrydygyny tassyklaýar.

Fewral aýynyň başynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy Merdan Rozyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa  nebite, gaza we gaz kondensatyna geljegi bar bolan guýulary taýýarlamak maksady bilen, käbir meýdançalarda 2D we 3D geofiziki gözleg işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Ozal bar bolan maglumatlary täzeden seljermegiň netijesinde ýüze çykarylan känlerde hem-de meýdançalarda gözleg guýularyny burawlamak amala aşyrylýar.

2022