Türkmenistanda dünýäniň iň uly däne elewatory gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda dünýäniň iň uly däne elewatory gurlar
“Çukurova Silo”-nyň Türkmenistanda ilkinji taslamasy 2019-njy ýylda 50 müň tonna kuwwatly däne elewatory boldy.

Türkiýede däne elewator enjamlaryny öndürijisi bolan “Çukurova Silo” kompaniýasy ýakynda Türkmenistanda bir million tonna kuwwatly däne elewatoryny gurmak barada şertnama baglaşdy.

Tehniki-ykdysady esaslandyryş, dizaýn, inženerçilik hasaplamalaryny taýýarlamak, önümçilik we gurnama ýaly işleriň ählisi “Çukurova Silo” tarapyndan amala aşyrylar. Bu taslama tamamlanandan soň dünýäde iň uly däne elewatory bolar diýip, Türkiýäniň “Miller Magazine” žurnalynda geçen anna güni çap edilen makalasynda “Çukurova Silo”-nyň satuw menejeri Jan Demirel aýtdy.

“Çukurova Silo”-nyň Türkmenistanda ilkinji taslamasy 2019-njy ýylda 50 müň tonna kuwwatly däne elewatory boldy. Taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginden soň “Çukurowa Silo” 1 million tonna kuwwatly täze desganyň gurluşygy üçin sargyt aldy diýip, Demirel öz sözüni dowam etdi.

Mundan başga-da, kompaniýanyň hünärmeni bu taslamany doly taýýar etmek esasda däne saklanýan desgalar toplumyny gurmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu toplum ulag ulgamyny, awtomatlaşdyryş ulgamyny, däne guratmak toplumyny we däne arassalaýyş ulgamyny öz içine alar.

Türk kompaniýasynyň satuw menejeriniň sözlerine görä, bu taslama meýdany, güýji we dizaýn çylşyrymlylygy boýunça dünýäde iň uly däne elewatory bolar. Kompaniýa eýýäm tehniki-ykdysady esaslandyryş, inženerçilik, önümçilik, logistika we gurnama ýaly önümçilik işlerine başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022