Türkmenistan we HPG JIÖ-ni hasaplamagyň usulyýeti boýunça seminarlary geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we HPG JIÖ-ni hasaplamagyň usulyýeti boýunça seminarlary geçirdiler
Türkmenistanda statistiki maglumatlar ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin usulyýet teklipleri işlenilip düzüldi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we Halkara pul gaznasy (HPG) 15-19-njy fewral aralygynda jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyýeti boýunça birnäçe onlaýn seminarlary geçirdiler. Bu barada “ORIENT.tm” habar berýär.

Onlaýn maslahatlaryň dowamynda soňky sarp ediş usuly bilen jemi içerki önümiň hasaplamalaryny gowulandyrmak üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän usulyýet nukdaýnazarlaryna, harytlaryň we hyzmatlaryň eksport we import hasaplamalaryna seredildi.

Şeýle-de öý sarp edilişini hasaplamak, bölek satuw söwdasynyň we tölegli hyzmatlaryň dolanyşygynyň agram görkezijileri, syýahatçylyk üçin hasaplamalaryň emele gelmegi, şeýle hem subsidiýalaryň we salgytlaryň milli hasaplar ulgamynda hasaba alynmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijede, Türkmenistanda statistiki maglumatlar ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin usulyýet teklipleri işlenilip düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýet, maliýe-bank pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda 10-njy fewralda geçiren mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetine ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

2022