Türkmenistan JCB-niň sebitleýin merkezini açmaga isleg bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan JCB-niň sebitleýin merkezini açmaga isleg bildirýär
Türkmen tarapy JCB kompaniýasy tarapyndan öndürilen enjamlary ýygnaýan zawodyň gurluşygyna gyzyklanma bildirdi. (Surat: JCB)

Türkmen wekiliýeti penşenbe güni Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça ýörite söwda wekili Baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky topar bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi. Gepleşigiň barşynda türkmen tarapy ýurtda hünärmenleri taýýarlamak we bilim bermek boýunça JCB-niň täze sebitleýin merkeziniň, şeýle hem Beýik Britaniýanyň kompaniýasy tarapyndan öndürilen enjamlary ýygnaýan zawodyň gurluşygyna gyzyklanma bildirdi. Bu barada “ORIENT.tm” habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem, gepleşige Beýik Britaniýanyň Stambuldaky Baş konsuly we Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça söwda komissary we “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň suw hojalygy ulgamyny we hususy pudagyny “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň ýörite tehnikalary we enjamlary bilen üpjün etmeginiň geljekki ädimlerini ylalaşmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taslamanyň Beýik Britaniýanyň “ABC Bank plc” banky tarapyndan maliýeleşdirilmegi we “UK Export Finance” eksport-karz agentligi tarapyndan ätiýaçlandyrylmagy meýilleşdirilýär. 

Geçen ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. JCB bu Ähtnamanyň çäginde 2021-nji ýylda 221,6 million ABŞ dollary möçberinde akaba gazyjy enjamlar we onuň ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek üçin şertnama baglaşmagy teklip etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň we JCB-niň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasy häzirki wagtda ylalaşygyň soňky tapgyryndadyr. Ähtnamada Türkmenistanyň hususy kompaniýalaryny gurluşyk enjamlary bilen, şeýle hem bu ugurda bilim programmalary bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar.

2022