Rus kompaniýalary türkmen demirýollarynyň gurluşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus kompaniýalary türkmen demirýollarynyň gurluşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutýar
Türkmen tarapy Türkmenabat-Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça demirýol gurmak we elekrtofikasiýalaşdyrmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

Russiýanyň demirýol kompaniýalary bilen Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda Türkmenistanyň demirýol ulgamyny gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat ministrligi penşenbe güni habar berdi.

Onlaýn gepleşige rus tarapyndan Russiýanyň “РЖД” AGPJ-si, “РЖД Интернешнл” kärhanasy gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, “РЖД Интернешнл” kärhanasy meýilleşdirilen taslamalara gatnaşmak teklibiniň çäginde Türkmenistanyň demirýollarynyň gurluşygyna, döwrebaplaşdyrylmagyna we netijeliligini ýokarlandyrmaga toplumlaýyn çemeleşmegi hödürleýär.

Gepleşigiň dowamynda türkmen tarapy Türkmenabat-Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça demirýol gurmak we elekrtofikasiýalaşdyrmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Bu ugur boýunça ýoluň uzynlygy 1 müň 150 kilometre barabardyr.

Mundan başga-da, türkmen tarapy 522 kilometr uzynlygy bolan Aşgabat-Daşoguz demirýol ugrunyň elekrtofikasiýalaşdyrmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyga hem gyzyklanma bildirdi.

Rus tarapy öz gezeginde iň täze tehnologiýalary we zerur enjamlary bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle-de geljekde türkmen tarapy rus taraplaryna taslamalaryň tehniki tarapyny öwrenmek boýunça ähli zerur resminamalary, şeýle hem taslamalary maliýeleşdirmegi guramak üçin tehniki-ykdysady delillerini bererler.

Gepleşigiň jemlerinde taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna kanagatlanma bildirip, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny beýan etdiler.

2022