“Türkmennebitönümleri” müdirliginiň “Serdar” nebitönümleri kärhanasynyň 2020-nji ýyldaky nebit önümlerinden alan girdejisi 11 million 4 ýüz müň manada barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 149% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda 5 müň 450 tonna nebit önümleri ýerlenildi, ýerine ýetirilen işleriň bahasy 7 million 733 müň manada deň boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Serdar we Magtymguly şäherleriniň, Bereket etrabynyň ulag ýollarynda onlarça müň awtomobil hereket edýär. Kärhana awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň (AÝGB) bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Şeýle hem, AÝGB-leriň 9-sy awtomatlaşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynyň 11-ne geçiren hökümet ýygnagynda wise-premýer Şahym Abdrahmanowa “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit ýataklaryny gözlemegi işläp geçmek babatda halkara kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, täze açylan ýataklary özleşdirmäge we köne ýataklardan kynlyk bilen çykarylýan nebitiň galyndy gorlaryny çykarmaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy.