Türkmenistanda agaç önümçiligi 23,7% ösdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda agaç önümçiligi 23,7% ösdi
Türkmenistanyň agajy gaýtadan işleýän pudagynda diňe bir agaç däl, eýsem oba hojalygynyň galyndylary hem ulanylýar. (Surat:Gipsland Times)

Türkmenistanda agaç önümçiligi 2020-nji ýylda täze gurlan agajy gaýtadan işleýän kärhanalaryň hasabyna 23,7% ösdi. Bu barada “ORIENT.tm” sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň klimat we geografiki aýratynlyklary, ýagny ýurduň umumy meýdanynyň bary-ýogy 8,6% -ini tokaýlyklaryň tutýandygy sebäpli, agajy gaýtadan işleýän pudagynda diňe bir agaç däl, eýsem oba hojalygynyň galyndylary hem ulanylýar.

Diýarymyzyň agajy gaýtadan işleýän iň üstünlikli hususy kärhanalarynyň biri 2018-nji ýylda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda açyldy. Kärhanada DSP-leriň (agaç bölek tagtalary) önümçiligi alnyp barylýar we taýýarlanylýan önümleriň esasy çig maly gowaça çöpi hem-de agaç garyndysydyr.

Şeýle önümçilikleriň döredilmegi, ekologiýa taýdan arassa, tebigy materiallardan mebel we gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin içerki pudagyň ösüşine goşant goşar. Bu bolsa öz gezeginde degişli önümleriň importyny azaldar we ýurtdaky sarp edijiler üçin şol ugurdaky harytlaryň elýeterli bahadan hödürlenmegine ýardam berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022