Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçiren ykdysady meseleler boýunça iş maslahatynyň barşynda milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleriň geçirilip, daşary ýurt puly bilen bagly amallaryň düzgünleşdirilmelidigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýew milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda ägirt uly eksport kuwwatyna eýe bolan, nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny, energetika, ulag, dokma toplumlaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny gaýtarmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şunuň bilen baglylykdy Döwlet Baştutanymyz banklarda müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hem-de medeniýetini ýokarlandyrmagyň, müşderileriň manat serişdeleriniň resmi hümmeti boýunça daşary ýurt puluna çalşylanda kadalaşdyryjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu barada wise-premýer Çary Amanowa degişli tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow “Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça Maksatnamasyna” laýyklykda, maýa goýumlary çekmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işine ünsi çekip, onuň üstüne ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň ýüklenendigini belledi. Ýöne, muňa garamazdan, bu ugurda işler degişli derejede alnyp barylmaýar diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz maliýe we bank-karz ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmegiň ýollary barada hem durup geçip, karz serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň we maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň bolsa diňe bir ykdysadyýet üçin däl, eýsem, raýatlar üçinem şeýle bolmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda, ilkinji nobatda, gozgalmaýan emläk üçin, bilim we sarp ediş karzlary göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.