“Ýüpek ýoly gurluşyk” Daşoguzda iri maldarçylyk fermasyny gurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ýüpek ýoly gurluşyk” Daşoguzda iri maldarçylyk fermasyny gurýar
Häzirki wagtda mallary saklamak üçin iki ýatagyň gurluşygy tamamlandy.

“Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň çäklerinde 1 müň 200 sany iri şahly mallar üçin niýetlenen maldarçylyk fermasynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hojalyk jemgyýetiň düzümine ýurduň uly süýt önümlerini öndürijileriniň biri bolan “Şawat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti girýär.

Kompaniýa döwlet tarapyndan bu fermanyň gurluşygy üçin uzakmöhletleýin 600 gektar meýdan bölünip berildi. Kärhana 17 gektar meýdanda zerur desgalar toplumyny gurýar. Häzirki wagtda mallary saklamak üçin iki ýatagyň gurluşygy tamamlanyp, süýt sagym bölüminiň hem-de olaryň sanlaryny artdyrmak üçin niýetlenen dogumhana bölüminiň gurluşygy alnyp barylýar.

Meýdanyň galan bölegi tapgyrlaýyn ot-iými ýetişdirmek üçin niýetlenendir. Häzirki wagta çenli 250 gektar meýdandan ýorunjanyň, mekgejöweniň we beýleki ösümlikleriň bol hasyly ýygnaldy. Şu ýyl ýene-de 100 gektar meýdany ekişe taýýarlamak meýilleşdirilýär.

“Ýüpek ýoly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Daşoguz welaýatynyň inžener-tehniki aragatnaşyklaryny gurmakda ýöriteleşdirilen kompaniýadyr. Maldarçylyk fermasy işe girizilenden soň her ýyl sarp edijileri 100 tonna süýt we 300 tonna et bilen üpjün eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022