“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň karz goýumlarynyň galyndysy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda 5,75 milliard manada barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47,8% ýokarlandy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Rysgal” banky tarapyndan ilatdan we müşderilerden çekilen serişdeleriň möçberi 109,5% artyp, 3 milliard 97 million manada deň boldy. Köp sanly iri taslamalaryň maliýeleşdirilmeginiň netijesinde bankyň aktiwleri yzygiderli ýokarlanýar.
Şeýle-de bankda täze işe girizilen ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny beriş (“Internet bank”) ulgamynyň üsti bilen eýýäm bankyň müşderileriniň geçirýän tölegleriniň 90%-den gowragy amala aşyrylýar. Dünýä ýurtlarynyň ösen bank ulgamynda banklar tarapyndan giňden ulanylýan QR kod (dessine tassyklanylýan kod) arkaly töleg geçirmek ulgamy hem işe girizildi.
“Rysgal” banky hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Mastercard” halkara kompaniýasy bilen bilelikde galtaşyksyz (PIN kod girizmezden) töleg tehnologiýaly plastik kartlaryň 4 görnüşini, ýagny “Platinum”, “Gold”, “Standart” we “Maestro” görnüşlerini işe girizdi.
Bank tarapyndan 2020-nji ýylda berlen plastik kartlaryň sany 48047 bolup, bu görkeziji günsaýyn köpelýär. Şonuň netijesinde, bank kartlary ulgamynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3 essä golaý artyp, 755,6 million manatdan gowrak boldy.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky özüniň esaslyk maýasyny şu ýylda 200 million manada ýetirmek barada karar kabul etdi.