Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynda iş üpjünçiligindäki ilatyň 50,3%-i we döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalarda bolsa 22%-i zähmet çekýär. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, “ORIENT.tm” duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet eýeçiligindäki edaralarda iş üpjünçiligindäki ilatyň 25,3%-i zähmet çekýär. Bu bolsa beýleki GDA ýurtlaryna garanyňda azdyr we Türkmenistanda telekeçiligiň ýokary depginde ösýändigini hem-de işewürlik üçin amatly şertleriň döredilýändigini tassyklaýar.
Hususy eýeçiligi ösdürmek Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça yzygiderli bäsleşikli söwdalary geçirýär. Bu bolsa kärhanalara täze mümkinçilik döredip, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Iş üpjünçiligindäki zenanlaryň 54,3%-i hususy telekeçilik pudagynda zähmet çekýär. Bu bolsa hususy pudagynda zähmet çekýän erkek adamlara garanyňda 7,3% ýokarydyr.
Häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy 70%-e barabardyr. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6%-e ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow fewral aýynda geçiren iş maslahatynyň barşynda 2020-2021-nji ýyllar üçin dünýäde bolup geçýän ykdysady çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini artdyrmak we 2021-2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny çaltlandyrmagy tabşyrdy.