Türkmenabadyň himiýa zawody 25,000 tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa zawody 25,000 tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi
Zawodda 2021-nji ýylyň ilkinji iki aýynda 15 müň tonna golaý kükürt kislotasy öndürildi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody şu ýylyň iki aýynda fosfor dökünleriniň 25 müň tonnadan gowragyny öndürip, sarp edijileri öz önümleri bilen üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyply bolan bu zawodda 2021-nji ýylyň ilkinji iki aýynda 15 müň tonna golaý kükürt kislotasy öndürildi. Umuman kükürt kislotasy sargyt edilen mukdarda öndürilýär.

Şeýle hem, zawodyň Köýtendag sebitlerindäki şahamçasynda hlorly hekiň önümçiligi hem bökdençsiz dowam edýär. Ýanwar-fewral aýlarynda ol ýerde onuň 90 tonnadan gowragy öndürildi. Hlorly hek, esasan, ýerleri we binalary zyýansyzlandyrmakda işjeň ulanylýar.

Mundan başga-da, zawod “Kökçi” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde awtoulaglar üçin niýetlenen akkumulýatoryň önümçiligini hem ýola goýdy. Ýurdumyzda öndürilýän akkumulýatorlar eýýäm birnäçe döwletlere eksport edilýär.

Häzirki wagtda kärhanada 1400-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen mejlisinde bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary ulanmak arkaly ýyllyk kuwwaty 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022