ÝTÖB-niň Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB-niň Türkmenistandaky taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri we ministrligiň degişli müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň duşenbe güni Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu bilen geçiren iş maslahatynyň barşynda ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň ýurtda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrligiň resmi sahypasynda habar berilişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we ministrligiň degişli müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ÝTÖB-niň wekilleri bilen ministrligiň hünärmenleriniň arasynda ministrlik tarapyndan öň hödürlenen infrastruktura taslamalary we ýurtda maýa goýum işi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

ÝTÖB 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalaryndan bäri Türkmenistanda 59 million ýewro barabar bolan 34 taslama amala aşyrdy. ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 292 million ýewro barabar bolan 80 taslama maýa goýumyny goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022