Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary ulanýan müşderileriň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary ulanýan müşderileriň sany artýar
2019-njy ýylda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilen jemi hasaplaşyklaryň düzüminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy 16% boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan boýunça jemi 4 million 459 müň 800 bank karty hem-de 39 müň 200 terminaly bolup, 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende degişlilikde 51,1 esse we 78,4 esse ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank işlerini awtomatlaşdyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Annamuhammet Atamyradowyň “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edilen makalasyna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda “Internet bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 634 müňe we “Mobil bank” hyzmatyna birikdirilenleriň sany bolsa 28 müň 400 çenli ýetdi. 2018-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende degişlilikde 1,9 esse we 28,4 esse ösüş gazanyldy.

Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlara “Altyn Asyr”, “Millikart”, “Maşgala”, “Goýum bank karty”, “Overdraft karty”, şeýle hem halkara “VISA” we “MasterCard” bank kartlary arkaly  hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini amala aşyrmak mümkinçiligi döredilýär.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda bankomatlaryň, terminallaryň, “Internet bank”, “Mobil bank” we “Elektron söwda” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 8 milliard 800 million manada ýetdi. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,65 esse ýokarlandy.

Şeýle hem, 2019-njy ýylda bank kartlarynyň üsti bilen geçirilen jemi hasaplaşyklaryň düzüminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy 16% bolan bolsa, 2020-nji ýylda bu görkeziji 34,4%-e deň bolup, 2,16 esse artdy.

Annamuhammet Atamyradowyň bellemegine görä, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak, karz edaralarynda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyza döredilýän ýeňillikleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän hasaplaşyklaryň görnüşiniň we geriminiň artmagy netijesinde, zähmet öndürijiligini artdyrmaga, wagty we serişdeleri tygşytlamaga uly mümkinçilik döreýär diýip, Atamyradow makalada belleýär.

Mundan başga-da, geçen ýylyň awgust aýynda “Halkbank terminal” mobil ulgamy ornaşdyryly. Gysga wagtyň geçmegine garamazdan, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa görä, ulgam arkaly geçirilen nagt däl hasaplaşyklaryň mukdary 1 million 300 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň karz edaralary nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, müşderilere töleg terminallary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberiniň 0,5 - 3% aralygynda yzyna gaýtaryp bermek, ýagny “Cash back” höweslendiriş hyzmatyny işe girizdiler.