Ahaldaky gazdan benzin öndürýän toplumyň kepillik möhletine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän toplumyň kepillik möhletine garaldy
Kärhananyň ýylda EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bar.

Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti Tasua Watanabe we Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiki taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän senagat toplumynyň kepillik möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti bellenildi hem-de özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ahal welaýatynda 2019-njy ýylyň iýun aýynda açylan iri desga ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hindistan we beýleki ýurtlaryň dünýä belli önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edildi.

Kärhananyň ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemäge we EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmäge mümkinçiligi bar.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda häzirki wagtda Ahal welaýatynda hereket edýän gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän zawodyň ikinji nobatdaky taslamasyny düzmek we gurmak barada “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” we “Sojitz Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022