Şäherara ýolagçy gatnawlary üçin “Ulag hyzmatlary” kärhanasy dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Şäherara ýolagçy gatnawlary üçin “Ulag hyzmatlary” kärhanasy dörediler
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Şäherara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” kärhanasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, bu barada wise-premýer Çary Gylyjow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda aýtdy.

Wise-premýer Ç.Gylyjow “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslaryny hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipleriň öwrenilendigini belläp geçdi.

Şeýle hem, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatyndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde dowam etdirilýändigi hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Milli Liderimiz awtomobil ulagynyň tehniki binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk ölçeglerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek üçin degişli şertleri üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

2022