“Derýaplastik” elektrik boýlerleriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Derýaplastik” elektrik boýlerleriň önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýanyň ýyllyk kuwwaty 200 müň boýlerleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen 15-den 150 litre çenli elektrik suw gyzdyryjylaryň (boýler) önümçiligini ýola goýup, täze kärhanany işe girizdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň täze önümleri bäş ýyl kepillik bilen satylýar we import edilýän harytlaryň bahasy bilen deňeşdirilende olaryň bahasy iki esse arzandyr. Kompaniýanyň ýyllyk kuwwaty 200 müň boýlerleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň düzüminde dört sany önümçilik kärhanalary hereket edýär. Olaryň ikisinde plastik turbalar, ätiýaçlyk şaýlary we fitingler, asma potoloklar, penjire öňlükleri, elektrik geçirijiler ýaly polimer önümleri öndürilýär.

Kärhanada hojalyk önümleriniň 60-a golaý görnüşi öndürilip, olaryň önümçiligi üçin polimer önümleri Balkan welaýatynda ýerleşýän Gyýanly gazhimiýa toplumyndan getirilýär.

Şeýle-de kärhana şu ýyl alýumin radiatorlarynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýeti içerki bazary öz önümleri bilen üpjün etmek bilen bir hatarda 2018-nji ýylda sebit ýurtlaryna we GDA döwletleriniň birnäçesine eksporty ýola goýdy.