Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän “Röwşen Rahym” daýhan hojalygynyň döwrebap guşçulyk toplumynda häzirki wagtda towuklaryň jemi 92 müň sanysy idedilýär.
“Watan habarlary” gepleşiginde penşenbe güni habar berlişi ýaly, bu ýerde towuklary iýmlemek, suw bermek, arassaçylyk işleri doly awtomatik usulda alnyp barylýar. Toplumda towuklar iki wagtyna iýmitlendirilip, olaryň hersi 90 hepdäniň dowamynda 400 sany ýumurtga bermäge ukyplydyr.
Guşçulyk toplumynyň ýyllyk kuwwaty 30 million ýumurtga öndürmäge ukyplydyr. Towuklaryň saklanýan ýerleri ortaça 24 gradus derejede saklanylýar. Ketekleriň içi gyzan ýagdaýynda ýöriteleşdirilen radio torlary we howa sorujy perleri arkaly howanyň gradusy sazlanylýar.
Toplumda saklanýan jüýjeleriň ketekleriniň içi 35-36 gradus ýylylyga çenli gyzdyrylýar. Ýaş jüýjeler 90 günlük bolanlarynda ýörite keteklere geçirilýär. Olar 20 hepdelik bolanlarynda agramlary 1 kilogramdan ýokary bolup, ýumurtga bermäge ukyply bolýarlar.
Kärhanada bar bolan towuklaryň 94%-i ýumurtga berýär we alynýan her bir ýumurtganyň ortaça agramy 60 grama barabardyr. Toplumda towuklaryň esasy iýmiti esasan-da soýa, mekgejöwen, däne gatyşykly bugdaý, az mukdarda arpa we bugdaý kepeginden taýýarlanylýar. Kärhanada idedilýän towuklara dürli kesellere garşy yzygiderli sanjym işleri geçirilýär.