“Lebapawtoulag” 10 million manada golaý hyzmat ýerine ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapawtoulag” 10 million manada golaý hyzmat ýerine ýetirdi
“Lebapawtoulag” önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň üç aýynda 489 müň tonna ýük daşady.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşigi boýunça şu ýylyň üç aýynda meýilleşdirilen 8 million 315 müň manadyň ýerine 9 million 785 müň 300 manatlyk hyzmat edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşine görä, şol bir wagtyň özünde meýilleşdirilen 483 müň tonnanyň ýerine 489 müň tonna ýük daşaldy.

Şeýle hem, Lebap welaýatynyň çäginde hyzmat edýän awtoulaglar arkaly 5 million 672 müň ýolagçy gatnadylyp, bu baradaky meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

“Lebapawtoulag” önümçilik birleşigi geçen ýylda gazanan netijeleri boýunça “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň kärhanalarynyň arasynda “Ýylyň göreldeli kärhanasy” adyna eýe boldy.

Geçen ýylyň dowamynda kärhana boýunça 2 million 285 müň tonna ýük daşalyp, meýilnama 104,7% berjaý edildi.

2022