ÝTÖB türkmen taslamalaryna häzire çenli $350 million bölüp berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB türkmen taslamalaryna häzire çenli $350 million bölüp berdi
ÝTÖB-niň edara binasy, London (Surat: ÝTÖB)

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) Türkmenistanda işine başlany bäri umumy bahasy 350 million ABŞ dollaryna barabar bolan maýa goýum goýdy. Bu barada ÝTÖB-niň wekili Anton Usowa salgylanyp, “Trend” habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.

Usow häzirki wagtda ÝTÖB-niň Türkmenistanda 85 million ABŞ dollaryna barabar bolan taslamalary amala aşyrýandygyny aýtdy.

ÝTÖB-niň wekili Ýewropa bankynyň häzirki wagtda Türkmenistanyň bank we şäher gurluşyk pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenýändigini hem belledi.

Usowyň aýtmagyna görä, ÝTÖB-niň Türkmenistanda esasy ileri tutýan ugurlarynyň biri hususy pudagyň ösüşini goldamakdan ybaratdyr.

ÝTÖB 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň ortalaryndan bäri Türkmenistanda 59 million ýewro barabar bolan 34 taslama amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022