Italiýa 330 müň tonna golaý türkmen nebit önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Italiýa 330 müň tonna golaý türkmen nebit önümlerini import etdi
Genuýa porty, Italiýa

Italiýa 2020-nji ýylda Türkmenistandan umumy bahasy 95 million 700 müň ýewro barabar bolan 329 müň 303 tonna nebit önümlerini satyn aldy. Bu barada Ýewropanyň “Ýewrostat” statistika baradaky gullugyna salgylanyp, “Trend” habarlar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Italiýa iýun aýynda 86 müň 289 tonna, awgustda 79 müň 495 tonna, sentýabrda 80 müň 773 tonna, oktýabrda 2 müň 225 tonna we dekabrda 82 müň 489 tonna türkmen nebit önümlerini satyn aldy.

Şeýle hem, 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar Türkmenistandan 270 müň 900 tonna deň bolan nebit önümlerini we bitum minerallaryndan hem-de çig nebitden alnan ýaglary import etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen geçen ýyl geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Milan şäherinde ýurdumyzyň söwda wekilhanasyny açmagy teklip etdi.