Antimonopoliýa edaralarynyň işi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Antimonopoliýa edaralarynyň işi maslahatlaşyldy
TSTB-niň 13 ýyllygy mynasybetli sergi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Togo, Pakistan, Burkina-Faso, Malaýziýa ýaly ýurtlaryň altmyşa golaý wekilleriniň gatnaşmagynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Dolandyryşa garşy bäsdeşlik we Bäsdeşligi goramak agentliginiň guramaçylyk düzümi” atly okuw maslahaty geçirildi. Onuň barşynda sagdyn bäsdeşlik ulgamyny döretmek üçin bazarlaryň monitoringi we gözegçiligi arkaly kartelizasiýanyň we monopolizasiýanyň öňüni almakda, şeýle hem sarp edijileriň hukuklarynyň goragyndaky antimonopoliýa edaralarynyň işiniň sazlaýjy wezipesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen tarapyndan TSTB-nyň ykdysadyýet müdirliginiň baş hünärmeni Batyr Kajarow maslahata gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza döwletlerinde bäsdeşlik çygryndaky kanunçylygyň we syýasatyň, şeýle hem bäsdeşligiň netijeli ulgamlaryny ulanmak tejribesiniň öwrenilmegine gönükdirilen bu çäre Yslam ýurtlary üçin statistika, ykdysadyýet we sosial barlaglar we okuw merkeziniň (SESRIC) Antimonopoliýa edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Antimonopoliýa edarasy bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Şeýle hem, YHG-niň agza döwletlerinde hereket edýän antimonopoliýa edaralarynda adam resurslarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen 2012-nji ýylda SESRIC tarapyndan işlenilip düzülen Antimonopoliýa edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksatnamasynyň (CA-CaB) wajyplygyna uly ähmiýet berildi.