“GS1 Türkmenistan” guramasynyň hasabat ýygnagy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“GS1 Türkmenistan” guramasynyň hasabat ýygnagy geçirildi
Ýygnagyň gün tertibinde guramanyň gurluş üýtgeşmeleri baradaky hasabatlary bilen bagly meseleler bardy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň alyp barýan işleriniň netijeleri boýunça umumy hasabat ýygnagy geçirildi.

“GS1 Türkmenistan” saýtynda habar berlişi ýaly, ýygnaga guramanyň agzalary, döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Ýyllyk umumy ýygnagyň gün tertibinde “GS1 Türkmenistan”-yň başlygynyň we gözegçilik toparynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleri, guramaçylyk meseleleri, şol sanda guramanyň gurluş üýtgeşmeleri baradaky hasabatlary bilen bagly meseleler bardy.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli biziň ýurdumyzda öndürilen harytlaryň 50 müňden gowragyna degişli bellikler berildi.

GS1 bütin dünýäde kompaniýalara önümçilikden satyn alyja ýetirmek boýunça global ölçege getirilen standartlary we çözgütleri netijeli peýdalanmak arkaly öz telekeçilik işini ynamly alyp barmaga kömek edýän halkara guramadyr.